HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB ilkinji umumýewropa tapawutlandyryş nyşanyny döreder

Maý 08, 2025 | 22:00 |2621
Ýewropa Parlamenti Şuman Jarnamasynyň gol çekilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli ilkinji resmi Ýewropa ordenini döreder diýip, press.lv Ýewropa Parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýärÝewropa Parlamenti Şuman Jarnamasynyň gol çekilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli ilkinji resmi Ýewropa ordenini döreder diýip, press.lv Ýewropa Parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär
Çeşme: press.lv

Ýewropa Parlamenti Şuman Jarnamasynyň gol çekilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli ilkinji resmi Ýewropa ordenini döreder diýip, press.lv Ýewropa Parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Ýewropa agzybirliginiň we integrasiýasynyň esasyny goýan bu Şuman Jarnamasyna 1950-nji ýylyň 9-njy maýynda gol çekildi. Ýewropa Bileleşiginiň esasy nyşanlarynyň biri hasaplanýan bu resminamanyň hatyrasyna 9-njy maýda ÝB agza-ýurtlarynda Ýewropa güni bellenilýär.

Fransiýanyň daşary işler ministri Robert Şuman bu jarnama bilen Ýewropa ýurtlaryna ýüzlenip, geçmişdäki gapma-garşylyklara garamazdan, birleşmegi teklip edipdi. Jarnamada beýleki Ýewropa döwletleriniň hem goşulyp biljek açyk gurluş döredilmegi göz öňünde tutulýardy. Şoňa görä-de, Şuman Jarnamasy Ýewropanyň gurulmagynyň başlangyç nokady hökmünde kabul edilýär we ilkinji binýadyny döreden resminama hasaplanýar.

Ýewropa Parlamentiniň müdiriýetiniñ karary bilen, bu wakanyñ 75 ýyllygy mynasybetli ilkinji umumýewropa tapawutlandyryş nyşany dörediler. Bu orden bilen ÝB-niň institutlary her ýyl Ýewropa integrasiýasyny öňe sürýän we Ýewropa gymmatlyklaryny wagyz edýän liderleri sylaglar. Olar “Bitiren hyzmatlary üçin” atly Ýewropa ordeni bilen sylaglanar. Bu baýrak bilen her ýyl 20-e çenli adam sylaglanar. Ilkinji baýraklaryň 2026-njy ýyldan giç galman gowşurylmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026