HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy

Maý 08, 2025 | 15:30 |5005
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyryp türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ýollady.Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyryp türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ýollady.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyryp türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ýollady.

TDH-nyň habar berişi ýaly, öz ýüzlenmesinde Azerbaýjanyň Baştutany “umumy kökleri, şeýle hem ahlak we medeni gymmatlyklary bolan halklaryň isleginden gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň” ýurtlarymyzy birleşdirýändigi barada nygtady.

Ilham Aliýew döwletara gatnaşyklaryň we iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandy barada belledi.

“Siziň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatyňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanyň ösüşi hem-de halkara abraýynyň barha artmagy guwandyryjydyr” – diýilip, hatda bellenilýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti amala aşyryljak saparyň “ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine” ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026