Habarlar

Brýusselde Türkmenistanyň Bitaraplygyna, Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildiBrýusselde Türkmenistanyň Bitaraplygyna, Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

Brýusselde Türkmenistanyň Bitaraplygyna, Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

28-nji fewralda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynda Lille Katolik uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin ýörite çäre geçirdi. Duşuşyk Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmekdäki taryhy ornuna we Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna , şeýle hem ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy

Türkmenistanyň Minskdäki ilçisi Lukaşenko Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk hatyny gowşurdyTürkmenistanyň Minskdäki ilçisi Lukaşenko Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Minskdäki ilçisi Lukaşenko Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk hatyny gowşurdy

28-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň Minskdäki Ilçisi Nazarguly Şagulyýew Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyna ýollanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna resmi çakylyk hatyny gowşurdy