Habarlar

Hytaýdaky Sinszýanda geçiriljek medeni-syýahatçylyk ýarmarkasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 100-den gowrak kärhanasy gatnaşarHytaýdaky Sinszýanda geçiriljek medeni-syýahatçylyk ýarmarkasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 100-den gowrak kärhanasy gatnaşar

Hytaýdaky Sinszýanda geçiriljek medeni-syýahatçylyk ýarmarkasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 100-den gowrak kärhanasy gatnaşar

22-24-nji mart aralygynda Urumçide geçiriljek 2025-nji ýylyň Sinszýan medeni-syýahatçylyk ýarmarkasy Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň 100-den gowrak kärhanasynyň gatnaşmagy üçin möhüm meýdança bolar. Bu barada Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň (SUAE) Medeniýet we syýahatçylyk işleri bounça müdirligine salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär. Munuň özi sebitde syýahatçylyk we medeni alyş-çalyşygy babatda barha ösýän hyzmatdaşlygyna şaýatlyk edýär. SUAE-niň administratiw merkezi hasaplanylýan Urumçi şäherindäki Sinszýanyň halkara maslahatlar merkezinde geçiriljek ýarmarkanyň hem Hytaýyň, hem-de beýleki ýurtlaryň 2000-den gowrak gatnaşyjysyny özüne çekjmegine garaşylýar.