HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Starlink hemra interneti Gazagystanda şu ýyl resmi ýagdaýda işläp başlar

Iýun 13, 2025 | 15:30 |3920
Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrligi hem-de Starlink kompaniýasy (Ilon Maskyñ SpaceX kompaniýasynyñ taslamasy) Gazagystanda hemra internetini hödürlemek barada ylalaşyk baglaşdylar.Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrligi hem-de Starlink kompaniýasy (Ilon Maskyñ SpaceX kompaniýasynyñ taslamasy) Gazagystanda hemra internetini hödürlemek barada ylalaşyk baglaşdylar.
Çeşme: worldnews.bg

Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrligi hem-de Starlink kompaniýasy (Ilon Maskyñ SpaceX kompaniýasynyñ taslamasy) Gazagystanda hemra internetini hödürlemek barada ylalaşyk baglaşdylar. Tengrinews.kz saýtynyñ habar berşi ýaly, şu günki güne çenli Starlink Gazagystanda synag ýagdaýda işledilip, internet birikmesini diñe mekdeplerde hödürläp bilýärdi. Ilat üçin ol resmi ýagdaýda elýeterli däldi.

"Ahyrynda biz ylalaşyga ýetdik: kompaniýa maglumat howpsuzlygy we aragatnaşyk babatda biziñ kanunçylygymyzyñ ähli talaplaryny berjaý etmäge razy boldy. Şu ýyl olar ähli zerur bolan çäreleri durmuşa geçirerler, we biziñ raýatlarymyz resmi hem-de kanuny ýagdaýda hemra internetine birigip bilerler" - diýip, çeşme sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministri Žaslan Madiýewiñ sözlerini getirýär.

Gazagystanda Starlink enjamlaryñ satuwlary 2025-nji ýylyñ üçünji çärýegine meýilleşdirildi. Taslama uzak aralykda ýerleşýän barmasy kyn bolan ilatly nokatlaryñ ýokary tizlikli internet birikmelerine gönükdirilen. Bu ýerlerde optik süýümli liniýalaryñ çekilmegi ykdysady ýa-da tehniki taýdan mümkin däl. Gürrüñ öri meýdanlar, daglykdaky obalar, uzakdaky kärhanalar we pes sanly elýeterliligi bolan beýleki ýerler baradadyr. Starlink-iñ internet birikmesi oba mekdepleri, saglygy goraýyş edaralary, mobil toparlar we infrastruktura desgalary üçin elýeterli bolar.

Starlink bu Ilon Maska degişli SpaceX kompaniýasy tarapyndan işläp düzülen global hemra internet ulgamydyr. Ol pes orbital hemralaryñ müñlerçesinden ybarat bolan tory ulanýar. Bu hemralar optik süýümli liniýalaryñ çekilmegi ykdysady ýa-da tehniki taýdan mümkin bolmadyk iñ uzakdaky we barmasy kyn bolan sebitlerde ýokary tizlikli internet birikmesini üpjün edýärler. Adaty hemra internetinden tapawutlylykda, Starlink pes orbitalarda (550 km golaý) işleýär. Bu hem pes saklamalary (ping) berip, oba ýerlerinde durnukly wideo aragatnaşygy, strimingi we onlaýn işleýşi mümkin edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026