HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy

Iýun 13, 2025 | 15:40 |3746
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky  Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.), Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy.2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky  Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.), Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio ş.), Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Manilada Malakanang köşgünde geçirilen dabaraly kabul edişlige gatnaşdy.

Türkmen diplomaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanynyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Filippinler Respublikasynyň baş baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Filippinler Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde bu ýurduň Daşary işler we Syýahatçylyk departamentlerinde Ilçiniň duşuşyklary geçirildi.

Ilçi filippin tarapyny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumyna we 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji Maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem, taraplar Aşgabat şäherinde syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasynda medeni we syýahatçylyk alyş-çalşygyny ösdürmek hem-de şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda işleri dowam etdirmek barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Ilçi A.Baýramow bilen Aziýanyň ösüş bankynyň Prezidenti Masato Kandanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy bu iri maliýe guramasy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli bu ýylda geçiriljek birnäçe çärelere gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026