Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygy bilen telefon söhbetdeşligi

Iýun 22, 2025 | 11:35 |8149
22-nji iýunda, ýekşenbe güni, amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet  sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landau bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi22-nji iýunda, ýekşenbe güni, amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet  sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landau bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Çeşme: orient.tm

22-nji iýunda, ýekşenbe güni, amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landau bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we medeni we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk oňyn tejribesini bellediler.

Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara we sebit derejesinde gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogar sebitindäki ýüze çykan häzirki ýagdaýlar we şonuň bilen baglylykda, birnäçe ynsanperwer meseleleriň çözülmegi barada pikir alyşdylar.

Şol bir wagtyň özünde, BMG-niň üsti bilen halkara jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara işlerinde işjeň we konstruktiw orny eýeleýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly ýol bilen çözmek ýörelgelerine berk eýerip hem-de diplomatik serişdeleriň we usullaryň iň giň mümkinçiliklerini ulanyp, Ýakyn Gündogarda ýüze çykan häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026