HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Iýun 21, 2025 | 17:30 |4533
Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildiÝakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: bilim.tm

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda myhmanlar bu ýokary okuw mekdebiň taryhy, gurluşy, halkara hyzmatdaşlygy we ylmy işleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Marçello Fantoni ýokary okuw mekdebinde mähirli garşylanandygy üçin iň gowy arzuwlaryny we minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem ol, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini belledi. Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti, degişli ugurlar boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi we bu ugurda zerur çäreleriň görüljekdigini belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýyl Kent döwlet uniwersiteti we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama bilelikdäki ylmy-barlag işleri, bilim maksatnamalary, talyp alyş-çalyşlaryny we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny öz içine alýar.

Duşuşykdan soňra myhmanlar üçin uniwersitetde hereket edýän «Parahatçylyk, ynanyşmak –ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO klubyna, şeýle hem «IUHD HUB» atly talyplar merkezine gezelenç guraldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026