HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hasyl-2025: Türkmen gallaçylary bir million tonnadan gowrak bugdaýy tabşyrdylar

Iýun 23, 2025 | 05:15 |5844
Türkmenistanda orak möwsümi dowam edýär: ýuduň gallaçy kärendeçileri ak bugdaýyň bir million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu diňe bir san däl – bu kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, sazlaşykly zähmetiniň şeýle hem oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidirTürkmenistanda orak möwsümi dowam edýär: ýuduň gallaçy kärendeçileri ak bugdaýyň bir million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu diňe bir san däl – bu kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, sazlaşykly zähmetiniň şeýle hem oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda orak möwsümi dowam edýär: ýuduň gallaçy kärendeçileri ak bugdaýyň bir million tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Bu diňe bir san däl – bu kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, sazlaşykly zähmetiniň şeýle hem oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir.

Ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi doly güýjünde alnyp barylýar we her günde kabul ediş nokatlaryna bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Şeýle depginde alnyp barylmagy hasyly ýygnamaga gatnaşýanlaryň utgaşdyrylan işiniň we döwlet tarapyndan berilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde mümkin boldy.

Oba hojalygyndaky gazanylýan üstünlikler – bu ulgamlaýyn işleriň netijesidir. Önümçilige ylmyň gazananlaryny we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly daýhanlara döwlet tarapyndan yzygiderli kömekler berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynýar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýär, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýär.

Häzirki döwürde ähli welaýatlarda döwrebap däne saklaýjy we üweýji kärhanalaryň gurulmagy oba hojalyk ekini bolan bugdaýyň ýetişdirilmegine, gaýtadan işlenilmegine we saklanmagyna berilýän ünsüň örän uludygyny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026