HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmentelekom" EAK: Aşgabatdaky internet-kafeleriñ meşhur galmagynyñ sebäpleri

Iýun 21, 2025 | 19:20 |4835
Türkmenistanda ýokary tizlikli internetiñ we gajetleriñ giñden ýaýramagyna garamazdan, internet-kafeler meşhurlygyny ýitirmän gelýär.Türkmenistanda ýokary tizlikli internetiñ we gajetleriñ giñden ýaýramagyna garamazdan, internet-kafeler meşhurlygyny ýitirmän gelýär.
Çeşme: telecom.tm

Türkmenistanda ýokary tizlikli internetiñ we gajetleriñ giñden ýaýramagyna garamazdan, internet-kafeler meşhurlygyny ýitirmän gelýär. Bu diñe bir ulgama elýeterlilik däldir, eýsem iş, okuw we medeni dynç-alyş üçin doly manydaky giñişlik bolup durýar.

Ýurdumyzyñ paýtagtynda we beýleki welaýatlarynda heteket edýän häzirki zaman internet-kafeler rahat tehnika bilen enjamlaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryñ giñ görnüşini hödürleýärler. Bu ýerde internete çykmak bilen deñ derejede, resminamalary skanirlemek, okuw materiallaryny çap etmek, gazet-žurnallardan alnan makalalary ýazyp saklamak hem-de onlaýn-maslahatlara gatnaşmak mümkin bolup durýar.

Talyplar üçin internet-kafe özboluşly akyl-paýhas merkezlerine öwrülip, ol ýerde ýaşlar taslamalaryny taýaýarlaýarlar, ylmy iş bilen meşgullanýarlar hem-de deñ-duşlary bilen pikir alyşýarlar. Şeýle giñişlikler resmi däl okuw prosesine we sanly medeniýetiñ ösüşine ýardam berýärler.

Bu ugur sanly ykdysadyýete geçmek hem-de ilat üçin internet-mümkinçilikleri giñeltmek boýunça yzygiderli iş alyp barýan "Türkmenaragaynaşyk" agentliginiñ "Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan giñden goldanylýar.

Häzirki wagtda Aşgabadyñ çäginde 6 sany internet-kafe hereket edýär. Olaryñ salgylaryny we telefon belgilerini https://telecom.tm/ru/internet-cafe/ saýtynda tapyp bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026