Habarlar

Merkezi Aziýada howanyň sesi: Metbugatyň sebit dialogyndaky tutýan orny – kyn zady ýönekeý görnüşde nädip ýetirmeli?Merkezi Aziýada howanyň sesi: Metbugatyň sebit dialogyndaky tutýan orny – kyn zady ýönekeý görnüşde nädip ýetirmeli?

Merkezi Aziýada howanyň sesi: Metbugatyň sebit dialogyndaky tutýan orny – kyn zady ýönekeý görnüşde nädip ýetirmeli?

Aşgabatda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahatynda (CACCC-2025), sebitdäki howa dialogynda metbugatyň möhüm we barha artýan orny baradaky esasy habar aýratyn bellendi we nygtaldy. Forumyň netijelerini jemlemek dabarasynda çykyş etmäge çagyrylan “Media Türkmen” habarlar agentliginiň direktory, ORIENT web sahypasynyň Baş redaktory Bekdurdy Amansaryýew öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň žurnalistik jemgyýetiniň ylmyň, syýasatyň we jemgyýetiň arasynda köpri bolup bu dialoga işjeň hem-de doly gatnaşyjy bolmaga we çylşyrymly howa meselelerini giň köpçüligine ýetirmäge taýýardygyny aýtdy