HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çagalar emeli añdan akylly: ýaş gatnaşyjylar öňdebaryjy kompýuter görüş ulgamlaryndan ýokary netije görkezdi

Iýul 05, 2025 | 14:05 |4631
Täze barlaglar hatda üç ýaşly çagalaryň iň ösen kompýuter görüş ulgamlaryndan hem gowy wizual maglumaty gaýtadan işleýändigini görkezdi — bu bolsa has täsirli we tygşytly emeli añ algoritmlerini döretmegiň ýoluny açýarTäze barlaglar hatda üç ýaşly çagalaryň iň ösen kompýuter görüş ulgamlaryndan hem gowy wizual maglumaty gaýtadan işleýändigini görkezdi — bu bolsa has täsirli we tygşytly emeli añ algoritmlerini döretmegiň ýoluny açýar
Çeşme: Kandinsky 4.1

Emeli añ (AI) çalt depginlerde ösýär; BMG-nyň maglumatlaryna görä, 2033-nji ýyla çenli onuň dünýä bazary 4,8 trillion dollara ýetip biler. AI eýýäm ulaglary dolandyrmagy, saz ýazmagy, lukmançylyk barlag netijeleri seljermegi we dialog alyp barmagy başarýar. Emma iň täze barlaglar bu tehnologiýanyň möhüm kemçiliklerini ýüze çykarýar: wizual maglumaty gaýtadan işlemekde emeli añ hatda üç ýaşly çagalardan yza galýar.

Templ uniwersitetiniň psihologiýa we neýroylym kafedrasynyň dosenti Wlad Aýzenberg Emori uniwersitetiniň alymlary bilen hyzmatdaşlykda mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryñ we öňdebaryjy emeli añ modelleriniň görüş taýdan kabul edişliginiñ deňeşdiriji derñewini geçirdi. Netijeler çagalaryň häzirki zaman kompýuter görüş ulgamlaryndan has ýokary netijelilik görkezýändigini ýüze çykardy. Diňe käbir aýratyn AI modelleri çagalaryň netijelerini geçip bilýär, ýöne munuň üçin olara adamlara görä has uly göwrümli wizual tejribe gerek bolýar.

Synaglaryñ çäklerinde 3–5 ýaş aralygyndaky çagalara 100 millisekunt tizlikde görkezilen suratlardaky obýektleri tanamak hödürlendi. Şol bir wagtyñ özünde olaryň ünsüni sowmak üçin dürli sesler bilen päsgel berildi. Bu ýumşuñ ilkibaşda ulular üçin niýetlenendigine we çylşyrymly hasaplanandygyna garamazdan, çagalar ony üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Aýzenbergiň belleýşi ýaly, çagalaryň kognitiw we neýron mümkinçilikleri maşyn öwreniş algoritmlerini kämilleşdirmekde esas bolup biler. Onuň aýtmagyna görä, AI modelleri adamdan tapawutlylykda has köp ýalňyşlyk edýär we öwrenmek hem-de işlemek üçin ep-esli serişdelere mätäç bolup durýar. Mysal üçin, ChatGPT ýaly uly dil modelini öwretmek üçin adaty bir adamyň ýyllyk zyňyndysyndan 17 esse ýokary uglewodorod yzyny galdyrýar. Çagalaryň obýektleri nähili kabul edýändigine düşünmeklik maşyn öwreniş algoritmlerini has täsirli we tygşytly edip düzmäge, şeýle hem serişde sarp edilişini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026