HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

YHG-nyň çäginde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary we sebit hyzmatdaşlygynda täze garaýyşlar

Iýul 04, 2025 | 19:15 |5720
Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 17-nji sammitine gatnaşdyAzerbaýjanyň Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 17-nji sammitine gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 17-nji sammitine gatnaşdy. “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly şygar bilen geçirilýän sammit köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw we deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança boldy.

Ministri R.Meredow öz çykyşynda 2035-nji ýyla çenli YHG-na agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny kesgitlemäge niýetlenen täze maksatnamalaýyn resminamanyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistan YHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady we birnäçe strategiki ugurlary aýratyn belledi:

Logistika we ulag: YHG-nyň netijeli ulag-logistika ugurlaryny döretmek we ulag-logistika ulgamlaryny mundan beýläk hem birleşdirmek.

Energetika: Energiýa üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we “ýaşyl” energetikany ösdürmek. Şunuň bilen baglylykda, energiýa çeşmeleriniň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek we sebitiň energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen YHG-na agza ýurtlaryň energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak boýunça mehanizmi döretmek mümkinçiligine garamak teklip edildi.

Söwda we maýa goýumlar: Söwdany ösdürmegiň ýollaryndaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we maýa goýumlary çekmek şeýle hem işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary şol sanda Söwda-senagat edaralarynyň üsti bilen işjeňleşdirmek.

Tehnologiýalar we innowasiýalar: häzirki zaman tehnologiýalar we innowasiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar: Bu gatnaşyklary işjeňleşdirilmegi, YHG-nyň sebitiniň mundan beýläk-de birleşmegi we gülläp ösmegi üçin binýady berkider diýip ynam bildirilýär.

Sammite gatnaşyjylar, netijeleriniň YHG-a agza döwletleriň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, sebiti durnukly we abadan geljege tarap alyp gitmek üçin uly goşant goşar ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026