HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU-da çäre: parahatçylygyñ we Türkmenistanyñ Bitaraplygynyň çäklerinde bilim we ylym

Iýul 05, 2025 | 14:50 |4941
4-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylym we bilim – ýurdumyzyñ parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň çeşmesi» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi4-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylym we bilim – ýurdumyzyñ parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň çeşmesi» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

4-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylym we bilim – ýurdumyzyñ parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň çeşmesi» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Çärä uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda ylmyň we bilimiň ösüşi, halkara hyzmatdaşlyk, sanly tehnologiýalaryň orny we ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Esasy wakalaryň biri hökmünde, TDU-nyň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylmagy boldy. Dabaranyň baýramçylyk ruhuny «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetiren konsert maksatnamasy has-da artdyrdy.

Çäre tapawutlanan mugallymlary we talyplary sylaglamak üçin meýdança öwrüldi. Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary, 15-19-njy iýunda geçirilen 8, 10 we 12 ýaşly çagalaryň arasynda halkara küşt ýaryşynda meýletinçilik işleri üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary bilen sylaglandy. Mundan başga-da, uniwersitetiň ýaş mugallymy daşary ýurt dillerini okatmakda innowasion usullary ulanandygy üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Diplomyna mynasyp boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026