HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Nigeriýa diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi

Iýul 04, 2025 | 20:00 |6315
Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildiAzerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 17-nji sammitiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nigeriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän notany gowşurdy. Şeýle hem degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy gowşuryldy.

Bu ädim, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeltmek we täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk gurmak islegini görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026