HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

""Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrýar” atly dabara geçirildi

Iýul 05, 2025 | 15:40 |1550
3-nji iýulda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrýar” atly dabara geçirildi3-nji iýulda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrýar” atly dabara geçirildi
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

3-nji iýulda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp üstünliginiň ähmiýetini «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» wagyz-nesihat etmek hem-de dabaralandyrmak maksady bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary milli mirasymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrýar” atly dabara geçirildi.

Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Ýapyk manežinde geçirilen dabara bedewlerimiziň waspyny giňden beýan edýän baý mazmunly çykyşlar we aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Dabaranyň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň aýdymçy talyplarynyň ýerine ýetirmeginde dünýä dillerinde ýaňlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly ajaýyp aýdymy aýratyn ähmiýete eýe boldy.

1

Dabaranyň hormatly myhmanlary hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Gahrymany, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Rustemowa Çynar Täjiýewnanyň we Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewiň eden çykyşlary türkmen ýaşlarynyň ahalteke bedewlerimize bolan buýsanjyny, hemişelik Bitaraplygymyza bolan ygraryny has-da artdyrdy.

Dabaraly çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, at we çapyksuwar - bu bitewi bir zat, biri beýlekisiniň dowamy bolmalydyr, manežde çapýan öz bedewi bilen bitewi bolýar we at özüne hem-de eýesine ýüklenen artistik wezipäniň ähmiýetini düşünip, täsirli tirkegi ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ähli zatlary edýär. Şu täsin arabaglanyşygyň ata-babalarymyzdan gelýän aýratynlyklardygyna alym Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewleri—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň mazmunynda beýan edýän maglumatlaryň esasynda has-da aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar.

2

Dabaranyň dowamynda Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr tanslarynda, ajaýyp görkezme çykyşlarynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bedewlerimiziň gazanýan üstünlikleri öz beýanyny tapdy.

Şonuň ýaly-da, dilçi ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimizi wasp edýän şygyrlaryny BMG-niň resmi dillerinde uly höwes bilen çeperçilik bilen okadylar. Şeýle-de dabaranyň barşynda "Parahatçylyk dilleri" we “Ahalteke atlary – parahatcylygyň ilcileri” atly ÝUNESKO klublarynyň işjeň agzalary bolan talyp ýaşlaryň ÝUNESKO-nyň arzyly sanawynda orun alan Küştdepdi milli tansymyzy döwrümizi wasp edýän aýdymyň astynda ýerine ýetirmekleri gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026