Habarlar

Ynsanperwer diplomatiýa: Aşgabat we Sankt-Peterburg lukmançylyk-durmuş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyYnsanperwer diplomatiýa: Aşgabat we Sankt-Peterburg lukmançylyk-durmuş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy

Ynsanperwer diplomatiýa: Aşgabat we Sankt-Peterburg lukmançylyk-durmuş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Sankt-Peterburga sapary (2025-nji ýylyň 19–20-nji noýabry) “Modanyň Arkalaşygy” ” atly IV halkara forumyny saglygy goraýyş we durmuş ugrundaky ösüş meseleleri boýunça işjeň döwletara dialogyň meýdançasyna öwürdi

TIACA agzalygy Türkmenistanyň dünýä howa ýük daşamalar ulgamyndaky ornuny berkidýärTIACA agzalygy Türkmenistanyň dünýä howa ýük daşamalar ulgamyndaky ornuny berkidýär

TIACA agzalygy Türkmenistanyň dünýä howa ýük daşamalar ulgamyndaky ornuny berkidýär

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň halkara ýük daşalyşy ulgamyndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim barada habar berildi: “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy

Tatarystan söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin Türkmenistanda Söwda öýüni açmagy meýilleşdirýärTatarystan söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin Türkmenistanda Söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Tatarystan söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin Türkmenistanda Söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Ýubileý duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri Oleg Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi

Parižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldyParižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Parižde türkmen-fransuz dialogy: bitaraplyk we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

"Türkme-Fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsindäki kynçylyklar we geljegi" atly maslahat Parižde iki ýurduň diplomatlarynyň, alymlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyny, energiýa, ekologiýa, ulag, bilim we ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen senetçileri Er-Riýadda geçirilýän Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşýarlarTürkmen senetçileri Er-Riýadda geçirilýän Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşýarlar

Türkmen senetçileri Er-Riýadda geçirilýän Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşýarlar

Er-Riýad şäherinde Saud Arabystanynyň 3-nji Halkara senetçilik hepdeligi (Banan) geçirilýär. 2025-nji ýylyň Senetçilik ýylynyň iň möhüm wakasyna öwrüldi. Medeniýet ministri şazada Bader bin Abdullah bin Farhanyň howandarlygynda 13-26-njy noýabr aralygynda geçirilýän bu çäre 40-dan gowrak ýurduň wekillerini we 400-den gowrak ýerli sungat işgärini bir ýere jemledi