Serdar Berdimuhamedow 24-25-nji noýabrda Gazagystana barar


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparynyň senesi tassyklanyldy – 24-25-nji noýabr.
Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi hem-de goňşy ýurtlar bilen däp bolan dostlukly dialogy ösdürmek ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Bu sapar Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylar we iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ýokary derejeli gepleşikler geçen ýyl Aşgabatda gol çekilen 2025–2027-nji ýyllar üçin Dostlugy berkitmek we köpugurly strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlanar.
Aşgabat bilen Astananyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasyny – 180 sany ikitaraplaýyn resminamada berkidilen berk şertnama-hukuk binýady binýady düzýär.
Türkmenistan we Gazagystan BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň, çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine dost-doganlyk gatnaşyklaryna täze itergi bermäge niýetlenen sapara degişli taýýarlyk işlerini görmegi tabşyrdy.
ORIENT








