HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Frankfurtda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileýi mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

Noýabr 21, 2025 | 20:45 |178925
Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) Konsullygy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyna, şeýle hem Halkara Bitaraplyk Gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik guradyTürkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) Konsullygy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyna, şeýle hem Halkara Bitaraplyk Gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurady
Çeşme: Türkmenistanyň GFR-däki Konsullygy

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) Konsullygy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyna, şeýle hem Halkara Bitaraplyk Gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurady.

Dabara Hessen federal ýeriniň Döwlet kansellariýasynyň wekilleri, maliýe institutlarynyň we bank düzümleriniň hünärmenleri, Hessende akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet we ylmy jemgyýetçiligiň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

Myhmanlara ýüzlenip çykyş eden Türkmenistanyň konsuly ýurdumyzy üç onýyllygyň dowamynda içeri we daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat edýän bitaraplyk derejesiniň aýratyn ähmiýetini belledi. Şunda ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebit howpsuzlygyny berkitmäge, özara bähbitli halkara gatnaşyklary giňeltmäge hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam berýändigi nygtaldy.

frankfurt-neytralitet-turkmenistan-priem

Mundan başga-da, türkmen halkynyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan parahatçylyga, ynanyşmaga we durnukly ösüşe gönükdirilen halkara parahatçylyk söýüjilik başlangyçlaryň möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

Çykyşda, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyna, Halkara Bitaraplyk Gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Forumyň halkara syýasatyň, durnukly ösüşiň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap döwletleriň ornuny giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boljakdygy aýdyp geçildi.

frankfurt-neytralitet-turkmenistan-priem (2).jpg

Çyşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýyllarynda gazanylan üstünlikleri hem-de ýurduň oňyn Bitaraplygynyň halkara derejesindäki ähmiýeti barada gürrüň berýän wideoşekil görkezildi.

Dabaranyň çäginde gatnaşyjylar Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti we ýurduň halkara arenasyndaky parahatçylyk döredijilik başlangyçlary boýunça pikir alyşdylar.

Myhmanlara dabaranyň dowamynda türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026