Türkmen senetçileri Er-Riýadda geçirilýän Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşýarlar


Er-Riýad şäherinde Saud Arabystanynyň 3-nji Halkara senetçilik hepdeligi (Banan) geçirilýär. 2025-nji ýylyň Senetçilik ýylynyň iň möhüm wakasyna öwrüldi. Medeniýet ministri şazada Bader bin Abdullah bin Farhanyň howandarlygynda 13-26-njy noýabr aralygynda geçirilýän bu çäre 40-dan gowrak ýurduň wekillerini we 400-den gowrak ýerli sungat işgärini bir ýere jemledi.
Forumyň maksady – telekeçiler üçin mümkinçilikleri giňeltmekden we medeni mirasy wagyz etmekden ybaratdyr. Bu ýyl sergä Türkmenistandan senetçiler hem gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri sergä el işleri bilen ýasalan halylary, ajaýyp kümüş şaý-sepleri we keramika önümlerini getirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussatlary Er-Riýad şäherinde geçirilýän giň möçberli forumyň milli mirasy wagyz etmek we däp bolan türkmen sungatyny, esasan hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizilen haly dokamak sungatyny halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýändigini nygtadylar.

Türkmeniň sergisine gatnaşyjylar milli şaý-sepleriň medeni ähmiýeti barada bilim beriş tanyşdyryşlaryny geçirdiler. Forumyň myhmanlary “gülýaka”, “tumar” we “bilezik” ýaly şaý-sepleriň medeni ähmiýeti barada maglumat aldylar.
Saud Arabystanynyň Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşmak türkmen senetçilerine halkara bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge we Saud Arabystany Patyşalygy bilen medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.
ORIENT








