HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Awgust 26, 2026 | 19:30 |15
Çeşme: orient.tm

Sişenbe güni Kanadanyň federal hökümeti ABŞ-dan getirilýän umumy bahasy 27,6 milliard Kanada dollaryna (takmynan 20 milliard ABŞ dollary) barabar bolan 700-den gowrak haryda jogap salgytlaryny girizilýändigini, şeýle hem içerki kärhanalary we işgärleri goldamak üçin 7,5 milliard Kanada dollary möçberinde kömek bermek boýunça toplumyny taýýarlanandygyny mälim etdi.

Iki sany ýakyn iri söwda hyzmatdaş ylalaşyga gelip bilmese, onuň bahasy diňe dollarlarda däl, eýsem iş orunlarynyň ýitirilmeginde, zawodlaryň ýapylmagynda we ynamyň pese düşmeginde hem ölçelýär. Onýyllyklaryň dowamynda amerikan bazaryna daýanýan Kanada indi öz bähbitlerini garşylyklaýyn çäreler arkaly goramaga mejbur bolýar. Jogap salgytlary diňe ykdysady çäre bolman, eýsem Ottawanyň öz özygtyýarlylygyny goramak üçin çykdajy çekmäge taýýardygyny görkezýän beýannamadyr.

Emma esasy mesele kimiň ilkinji zarbany urjakdygy däl-de, bu söwdaky gapma-garşylygyň öňkülerden tapawutlylykda nähili tamamlanjakdygy we onuň yzynda diňe proteksionistik päsgelçilikleriň däl, eýsem Demirgazyk Amerikanyň ykdysadyýeti üçin täze ýagdaýyň galyp-galmajagydyr.

Kanadanyň resmileri garşylyklaýyn çäreleriň ABŞ-nyň soňky 50 göterimlik sagytlara degişli bolan Kanada önümleriniň umumy bahasyna laýyk gelýändigini we «dollar üçin dollar, nyrh üçin nyrh» ýörelgesi boýunça täsir etjekdigini aýtdylar. Resmi taýdan jogap salgytlarynyň 8-nji sentýabrdan güýje girmegine garaşylýar. Kanadanyň maliýe ministri Fransua-Filip Şampan özara nyrhlaryň we köp milliardlyk goldaw çäreleriniň işgärleri, daýhanlary, maşgalalary hem-de kärhanalary gorajakdygyny aýtdy.

Maliýe ministrligi tarapyndan çap edilen sanawa görä, täze maksatly jogap çäreleri polat, süýt önümleri, hojalyk tehnikalary, oba hojalyk enjamlary, sellýuloza-kagyz senagaty we elektronika ýaly pudaklara gönükdiriler. Salgytlaryň möçberleri 15 göterim, 25 göterim we 50 göterim bolan üç derejede kesgitlenildi. Polat we alýumin senagaty ýaly käbir pudaklarda hereket edýän öwezini dolmak boýunça tölegler ABŞ-daky nyrhlaryň derejesine laýyk getirmek maksady bilen 25 göterimden 50 göterime çenli ýokarlandyrylar.

Ministrligiň habar bermegine görä, beýleki hereket edýän öwezini dolmak boýunça tölegler, şol sanda ABŞ-nyň awtoulaglaryna girizilen salgytlar hem güýjünde galar. Süýt önümlerine, peýnir, balyk, deňiz önümleri ýaly harytlara, şeýle hem poladyň we alýuminiň käbir önümlerine 25 göterimlik salgytlar giriziler.

Goşmaça sagytlardan başga-da, federal hökümet 7,5 milliard Kanada dollary möçberinde goldaw çäreleriniň toplumyny yglan etdi. Bu çäreler, ilkinji nobatda, kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryna gönükdiriler. Ottawanyň aýtmagyna görä, kompaniýalara işgärleri işden çykarmakdan gaça durmaga, has köp işgäriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyna we işsizlik boýunça kömek pullaryna elýeterliligi has çeýe etmäge ýardam berler.

Kanada bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gapma-garşlygy Waşingtonyň Kanada harytlaryna 50 göterimlik salgytlary girizmeginden soň has-da ýitileşdi. Bu çäre CUSMA şertnamasyny uzaltmak boýunça gepleşikleriň şowsuz tamamlanmagyna jogap hökmünde kabul edildi. ABŞ-nyň köp ştatlary üçin iň uly eksport bazary bolan Kanada polatdan başlap, süýt önümlerine çenli giň gerimli harytlary öz içine alýan garşylyklaýyn çäreleri gördi. 7,5 milliard Kanada dollary möçberindäki goldaw çäresi, esasan hem ABŞ-a eksport etmäge has köp garaşly pudaklarda işleýän kanadaly öndürijilere ýetirilen täsiri ýeňilleşdirmegi maksat edinýär. Bilermenler uzak wagtlap dowam etjek söwdadaky düşünişmezligiň serhediň iki tarapynda-da sarp edijiler üçin bahalaryň ýokarlanmagyna we ykdysady ösüşiň haýallamagyna getirip biljekdigini duýdurýarlar.

"CCTV+"-niň habar bermegine görä, Kanadanyň jogap hökmündäki çäreleri we olara goşulan goldaw bukjasy Ottawanyň öz ykdysady bähbitlerini goramaga ygrarlydygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, bu çäreler söwda gapma-garşylyklarynyň şertlerinde Kanada ykdysadyýetiniň gowşak taraplarynyň bardygyny hem görkezýär. Öňümizdäki hepdelerde taraplaryň gepleşikleri dowam etdirmegine garaşylýar, emma berk beýanatlardan çen tutsaň, ylalaşyk gazanmak häzirlikçe mümkin däl ýaly görünýär. Kanadanyň telekeçileri täze şertlere taýýarlanýar, sarp edijiler bolsa bahalaryň ýokarlanmagynyň mümkindigine garaşýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026