

Android platformasyndaky enjamlar üçin ORIENT-iň täzelenen programmasy çykdy
Google Play-de Android platformasyndaky enjamlar üçin täzelenen ORIENT programmasy elýeter boldy. Indi bu programmada habarlar türkmen dilinde hem ýerleşdirilýär, surat we wideoýazgylaryň hili ýokarlandyryldy, şeýle hem, başga birnäçe üýtgeşmeler girizildi. Bu bolsa täzelikler bilen tanyşlyk pursatlarynyň has-da amatly bolmagyna mümkinçilik döreder.




















