Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistan bilen Özbegistan 451 million ABŞ dollaryna şertnama baglaşdy

Iýul 14, 2022 | 03:49 |11217
Özbegistan bilen Türkmenistan Buharada geçirilen ilkinji sebitara forumda 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekdi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.Özbegistan bilen Türkmenistan Buharada geçirilen ilkinji sebitara forumda 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekdi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme:

Özbegistan bilen Türkmenistan Buharada geçirilen ilkinji sebitara forumda 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekdi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Gullugyň ýazmagyna görä, forum 14-15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň öňüsyrasynda geçirildi. Foruma premýer-ministriň orunbasary, Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow we Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Batyr Atdaýew gatnaşdy.

– Forumyň netijeleri boýunça jemi 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekildi – diýlip, Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň habarynda aýdylýar. Çäräniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi bellendi, taraplar ýakyn wagtda söwdanyň mukdaryny 2 milliard dollara ýetirmek isleglerini tassykladylar.

Bu nukdaýnazardan, “Lebap-Buhara” we “Daşoguz-Horezm” serhetýaka söwda zolaklarynyň işe girizilmegini çaltlaşdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.

– Ulag-logistika aragatnaşyklaryny ösdürmek we iki ýurduň üstaşyr potensialyny ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrligi belleýär.

Hususan-da, 2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda daşalýan ýükleriň göwrümi, ilkinji nobatda awtoulaglar (+1.5 esse) we demir ýol ulaglary (+3 gezek) arkaly daşalyşyň artmagynyň hasabyna 2,2 million tonna çenli ýokarlandy. – Şu nukdaýnazardan, göni we üstaşyr ýük daşama nyrhlaryny düzgünleşdirmegiň şertlerini kämilleşdirmek, şeýle hem, ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, metbugat gullugy ýazýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026