Türkmenistanda aýlyk zähmet hakynyň pes derejesine gaýtadan serediler


Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady meseleler boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa ýurtda aýlyk zähmet hakynyň iň pes derejesine gaýtadan seretmegi tabşyrdy diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Türkmen Lideri şunuň bilen bir wagtda geljek ýylyň döwlet býujetine aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hem-de ýurduň her etrabynda we şäherinde mätäçlik çekýänlere ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri goýbermegi tabşyrdy.
Şeýle hem anna güni Döwlet Baştutanymyz Ministirler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini 10% köpeltmek hakynda permana gol çekdi.
Permana laýyklykda indiki ýyldan başlap, iň pes aýlyk haky 1160 manat möçberde kesgitlener. Pensiýalaryň iň pes möçberini hasaplap çykarmak üçin binýatlyk ululyk 450 manat, döwlet kömek pullarynyň binýatlyk ululygy 430 manat möçberinde kesgitlener.
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň iň pes derejesi 1880 manat möçberinde, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň yzynda galan ýan ýoldaşlarynyň pensiýalarynyň iň pes möçberi bolsa 550 manat möçberinde kesgitlener.
ORIENT news








