HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Daşkent täze şertlerde gatnaşyklary ösdürmegiň geljegine baha berdiler

Iýul 13, 2022 | 05:32 |12703
Sişenbe güni Daşkentde, Halkara Merkezi Aziýa institutynda “Özbegistan we Türkmenistan. Gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyrynda ösüş mümkinçilikleri” diýen at bilen maslahat geçirildi.Sişenbe güni Daşkentde, Halkara Merkezi Aziýa institutynda “Özbegistan we Türkmenistan. Gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyrynda ösüş mümkinçilikleri” diýen at bilen maslahat geçirildi.
Çeşme:

Sişenbe güni Daşkentde, Halkara Merkezi Aziýa institutynda “Özbegistan we Türkmenistan. Gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyrynda ösüş mümkinçilikleri” diýen at bilen maslahat geçirildi.

Forumy HMAI-niň direktory Anwar Nasirow hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew açdylar. Çärä iki ýurduň döwlet edaralarynyň we seljeriş geçirýän düzümleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistana DIM-iň HGI-niň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi, Halkara ynsanperwer ylymlary uniwersiteti, TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Milli medeniýet merkezi wekilçilik etdiler.

Bilermenler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna, ony giňeltmegiň ýollaryna hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerindäki özara hereketlere garadylar.

Döwletleriň ýolbaşçylarynyň berk syýasy erkiniň we özara gatnaşyklary ýola goýmaga täze çemeleşmeleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşdirilmegine, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň rowaçlygyny, parahatçylykly we durnukly ösüşini saklamak üçin şertleriň kemala getirilmegine ýardam edendigi bellenildi.

Ашхабад и Ташкент оценили перспективы развития диалога в новых условиях

Nygtalyşy ýaly, Özbegistana hem-de Türkmenistana özleriniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmekde tagallalaryny utgaşdyrmaklary hem-de Merkezi Aziýany Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky uly ýollaryň kesişýän halkalaýyn merkezine öwürmek üçin anyk çäreleri görmekleri zerurdyr. Şu babatda sebitiň ulag-logistaka ulgamyny ösdürmekde Türkmenistanyň başlangyçlary aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle hem Hazarüsti we Omanüsti geçelgeleriň, Türkmenbaşy portunyň ösdürilmegine, “AÝS-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” multimodal ulag geçelgesini öňe ilerletmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna uly isleg bildirilýär.

Giň gerimli we uzak möhletleýin strategiýalary, BMG-niň üsti bilen halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen konsepsiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek işinde çemeleşmeleriň ýakynlygy, goňşy Owganystanda raýat parahatçylygynyň we ylalaşygynyň tiz gazanylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýarlyk özbek-türkmen gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir.

Çäräniň netijeleri boýunça bilermenler tarapyndan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar we teklipler işlenilip taýýarlanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

14:19 Iýun 18, 2026
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026