HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Putin Tähranda geçiriljek sammitde Raisi we Ärdogan bilen duşuşar

Iýul 13, 2022 | 14:38 |9747
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 19-njy iýulda Tährana barar we şol ýerde eýranly kärdeşi Ebrahim Raisi we Türkiýäniň lideri Rejep Taýyp Ärdogan bilen üçtaraplaýyn sammite gatnaşar – diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy.Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 19-njy iýulda Tährana barar we şol ýerde eýranly kärdeşi Ebrahim Raisi we Türkiýäniň lideri Rejep Taýyp Ärdogan bilen üçtaraplaýyn sammite gatnaşar – diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy.
Çeşme:

– Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 19-njy iýulda Tährana barar we şol ýerde eýranly kärdeşi Ebrahim Raisi we Türkiýäniň lideri Rejep Taýyp Ärdogan bilen üçtaraplaýyn sammite gatnaşar – diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy. Russiýa Federasiýasynyň baştutany şeýle-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer – diýip, RIA Nowosti habar berýär.

– Hawa, biz muny tassyklap bileris. Hakykatdanam, Prezidentiň Tährana sapary taýýarlanýar. Ol ýerde Astana prosesini kepillendiriji döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygy bolar. Bilşiňiz ýaly, bu Siriýadaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir – diýip, Peskow aýtdy.

Putiniň ýakyn wagtda boljak saparyny eýran tarapy hem tassyklady. Eýran Mejlisiniň ykdysady komissiýasynyň başlygy Muhammetreza Pur-Ebrahiminiň aýtmagyna görä, gepleşiklerde Raisiniň ýaňy-ýakynda Moskwa eden saparyndan soň has-da möhüm ähmiýete eýe bolan ykdysady ösüş we hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýakynda, ýagny duşenbe güni Wladimir Putiniň Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Ýakyn geljekde geçiriljek ýokary derejedäki rus-türk duşuşygynyň öňüsyrasynda liderler ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleler toplumyna seredip geçdiler. Ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şol sanda kanuny esaslaryny kämilleşdirmek, söwda mukdaryny ýokarlandyrmak we hasaplaşyklarda milli walýutalary ulanmak, şeýle hem Russiýanyň energiýa göterijileriniň üznüksiz üpjünçiligini dowam etdirmek meselelerine aýratyn üns berildi – diýlip, Kremliň saýtynda habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026