HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: STG we dizel ýangyjy uly islegden peýdalanyldy

Iýul 11, 2022 | 20:10 |9219
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $15,5 million bolan 45 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $15,5 million bolan 45 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $15,5 million bolan 45 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Söwdalarda suw bilen arassalanan dizel ýangyjy hem-de suwuklandyrylan gaz has uly islegden peýdalanyldy. Hepdäniň dowamynda 21,2 müň tonna STG we 3 müň tonna dizel ýangyjy eksporta satyldy.

Suwuklandyrylan gazyň bir tonnasy üçin iň ýokary baha $550 barabar boldy, bu bolsa bu haryt boýunça geçen gezekdäki söwdalarda baglaşylan baha bilen deňeşdirilende, 10,8% köpdür.

ABŞ-nyň dollarynda TDHÇMB auksionynda LNG we dizel ýangyjynyň bahalary

Торги на ГТСБТ

Geçen hepde dellallar suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň bir tonnasy üçin $1 308,50 teklip etdiler, bu bolsa mundan ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende 5,3% ýokarydyr.

Şeýle hem geçen hepde söwdalarda reňklenen tüýjümek önümler, tekiz reňklenen hem-de žakkard tüýjümek önümler eksporta satyldy.

Içerki bazarda ýerli işewürler umumy bahasy 78 million manat bolan tehniki külkelenen kükürdiň jemi 15 müň tonnasyny hem-de umumy 12,2 müň manada elde dokalan halylaryň dürli görnüşlerini satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtyndan tanşyp bolar. TDHÇMB-de indiki söwdalar çarşenbe güni 13-nji iýulda geçiriler, çünki Türkmenistanda Gurban baýramy mynasybetli duşenbe we sişenbe dynç günleri diýlip yglan edildi.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026