

Türkmenistan Eýranyň ýük awtoulaglaryna Özbegistana çenli öz çäginden geçmäge rugsat berer
1-nji iýundan başlap, eýranly ýük daşaýjylar Türkmenistanyň gury ýerüsti çägi boýunça Sarahs-Farap-Sarahs ugry bilen Özbegistana çenli gatnap bilerler. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň saýtynda ýerleşdirilen bildirişde habar berilýär.



















