HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran – Gündogar Aziýadan Pars aýlagyna çenli iň gysga ýol

Sentýabr 18, 2022 | 19:57 |12103
Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we Eýranyň lideri Ybraýym Raisi geljekde üstaşyr gatnawy has-da artdyrmak üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we Eýranyň lideri Ybraýym Raisi geljekde üstaşyr gatnawy has-da artdyrmak üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.
Çeşme:

Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we Eýranyň lideri Ybraýym Raisi geljekde üstaşyr gatnawy has-da artdyrmak üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Duşuşykda Hazar deňzindäki ýurtlaryň portlarynyň arasynda yzygiderli parom gatnawlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurlygy hem bellendi.

Anna güni ŞHG-na agza ýurtlaryň baştutanlarynyň geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew: – “Gündogar Aziýadan Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly açýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň uly mümkinçilikleri bar," – diýip aýtdy.

Şeýle hem, ol Gazagystanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini belläp, sebit ýurtlarynyň özara baglanyşygyny üpjün etmäge gönükdirilen geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegini makullady.

Tokaýew: – "Biz Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag ugurlaryny giňeltmek, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar transýewraziýa geçelgelerini ösdürmek baradaky tagallalary goldaýarys" – diýdi.

"Umuman, biz bar bolan multimodal ulag geçelgelerini we logistika merkezlerini döwrebaplaşdyrmagyň we täzelerini döretmegiň tarapdary" – diýip, Gazagystanyň Prezidenti aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026