HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG-niň Samarkant sammiti: gatnaşyklaryň täze görnüşine geçmekde taryhy çemeleşme

Sentýabr 17, 2022 | 22:22 |10587
Häzirki dünýä ählumumy hyzmatdaşlygyň döwrüň wehimlerine hötde gelip bilmeýän öňden ýola goýlan hem-de uzak wagt dowam eden gurallaryndan, şu işlere gatnaşýanlaryň iň bolmanda köp bölegini kanagatlandyryp bilmegi üçin daşlaşýandygynyň şaýady bolýar.Häzirki dünýä ählumumy hyzmatdaşlygyň döwrüň wehimlerine hötde gelip bilmeýän öňden ýola goýlan hem-de uzak wagt dowam eden gurallaryndan, şu işlere gatnaşýanlaryň iň bolmanda köp bölegini kanagatlandyryp bilmegi üçin daşlaşýandygynyň şaýady bolýar.
Çeşme:

Häzirki dünýä ählumumy hyzmatdaşlygyň döwrüň wehimlerine hötde gelip bilmeýän öňden ýola goýlan hem-de uzak wagt dowam eden gurallaryndan, şu işlere gatnaşýanlaryň iň bolmanda köp bölegini kanagatlandyryp bilmegi üçin daşlaşýandygynyň şaýady bolýar. Halkara gatnaşyklarynyň öz giňişliginde üýtgeşmeler bolup geçýär, muny bolsa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkantdaky sammiti doly aýdyňlygy bilen görkezdi.

Dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde öňe tarap hakyky hereketleriň bolýan şertlerinde ŞHG-niň Samarkant sammitiniň wajyplygy hem-de özboluşlylygy has-da artýar diýip, seljerijiler hasaplaýarlar.

Anna güni başlyklyk etmeginde ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň giňeldilen görnüşdäki geçirilen mejlisinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, “töweregimizde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, häzirki sammit aýratyn, taryhy ähmiýete eýedir”. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ösüşiniň täze, has jogapkärli tapgyryna gadam goýýar.

Самаркандский саммит ШОС: исторический переход к новым форматам взаимодействия

Ilki bilen, ŞHG-niň toparlara degişli bolmadyk derejesini hem-de onuň açyklygyny, giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilendigini mundan beýläk-de saklamak, howpsuzlygyň bölünmezligi ýörelgelerine eýermek möhümdir. Merkezi Aziýanyň mundan beýläk-de ŞHG-niň “geografiýa taýdan özeni” bolup galmagy zerurdyr diýip, özbek lideri nygtady.

Şeýle hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde agza döwletleriň, synçy ýurtlaryň liderleri, hormatly myhmanlar, BMG-niň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bu halkara guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşyjylaryň hatarynda boldular.

Liderleri hem-de sammitiň hormatly myhmanlary – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Eýranyň Prezidenti Ibrahim Raisi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylaryň geografik taýdan gurşawy – 15 ýurduň liderleri örän uly derejeli möçberdir. Bu döwletleriň ykdysady kuwwatyny we adam serişdelerini, çäk taýdan artykmaçlyklaryny hem-de tebigy baýlyklaryny göz öňünde tutanyňda, ŞHG-niň çäklerinde we “şanhaý maşgalasynyň” çäklerinden daşardaky giňişlikde ŞHG bilen özara gatnaşyklar hakykatdan-da netijeli we onuň geljegi uly, ählumymy derejedäki gurallara görä, has çeýe we ykjam, has açyk we adalatly bolup biler.

Munuň özi guramanyň giňeldilip, sebitde möhüm orny eýeleýän birnäçe döwletleriň ýakyn wagtda ŞHG-ä goşulyşmagynyň anyk geljeginiň başlanmagy bilen aýratyn möhümdir.

Ine, Samarkant sammitinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwleti derejesini almak maksady bilen Eýranyň borçnamalry Ähtnama gol çekildi, Belarus Respublikasyny ŞHG-ä agzalyga kabul etmek işleriniň başlanmagy hem-de Maldiw Respublikasyna, Bahreýne, BAE-ne, Mýanma Birleşigi Respublikasyna, Kuweýt Döwletine ŞHG dialogy boýunça hyzmatdaş derejesini bermek hakynda çözgütler kabul edildi.

Самаркандский саммит ШОС: исторический переход к новым форматам взаимодействия

Sammitde ýurtlaryň Prezidentleri, şol sanda Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ŞHG-niň söwda-ykdysady çäklerini giňeltmegiň örän möhüm meseleleri beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşlerini energetikada, ulag ulgamynda we howpsuzlyk babatda ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy, ýagny, diňe her döwlet üçin aýratynlyk däl-de, sebit we yklym, umuman, dünýä üçin möhüm bolan wajyp ugurlarda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Biz Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ýörelgesi hökmünde kesgitlenen “Hiç kimi yzda goýmaly däl” diýen möhüm maksada hyzmat edýän energetika we ulag babatda bagly bolmagyň ähmiýetiniň barha artýan eýýamynda ýaşaýarys.

Gün tertibi 2030-yň bu borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi muňa ýardam berýän syýasy meýdançanyň kemala getirilmegini göz öňünde tutýar. Özi-de şol meýdança garşydaş güýçleriň – uly we kçi, baý we garyp, aýratyn hukukdan peýdalanýan we ejiz, güýçli we ösüp barýan döwletleriň meýdançasy hökmünde däl-de, hemmeleriň arasynda deňhukukly gatnaşyklaryň meýdançasy hökmünde kemala gelmelidir.

ŞHG-niň Samarkant sammiti halkara gatnaşyklarynyň hut şeýle çemeleşmesiniň ýa-da ýörelgesiniň üstünliklidigini ýüze çykardy hem-de onuň esasy ugurlaryny, hyzmatdaşlyk etmegiň täze, has netijeli gurallaryny döretmäge tarap öwrülmelidigini kesgitledi, şolar möwritini ötüren gurallaryň ýerini tutmalydyr.

Çünki islendik gural neneňsi kämil hem-de ýola düşen sazlaşykly bolsa-da, ol mazmuny boýunça bitewi halkara guramasy hökmünde bolan adamzat siwilizasiýasynyň ýolunda biziň şeýle çylşyrymly üçünji müňýyllygymyzda ýagşylygyň we ählumymy abadançylygyň, parahatçylygyň we dostlugyň duşmanyna öwrülmeli däldir.

Şiri ŞIRIÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň
Strategik barlaglar merkeziniň müdiri

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026