

Türkmen hünärmenleri Finlýandiýanyň durmuş goraglylyk ulgamy bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatyndaky Halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara komissiýanyň agzalary Ýewropa döwletiniň durmuş goraglylyk ulgamy bilen tanyşmak üçin Finlýandiýada boldular – diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habarynda mälim edilýär.




















