HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahalyň täze dolandyryş merkezi Arkadag şäheri diýlip atlandyryldy

Dekabr 22, 2022 | 04:51 |12702
Arkadag şäheri – Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini şeýle atlandyrmak barada karara gelindi. Bu ýerde çarşenbe güni hökümetiň göçme giňişleýin mejlisi geçirildi. Bu baradaky çözgüdi Mejlisiň – türkmen parlamentiniň deputatlar palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa habar berdi.Arkadag şäheri – Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini şeýle atlandyrmak barada karara gelindi. Bu ýerde çarşenbe güni hökümetiň göçme giňişleýin mejlisi geçirildi. Bu baradaky çözgüdi Mejlisiň – türkmen parlamentiniň deputatlar palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa habar berdi.
Çeşme:

Arkadag şäheri – Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini şeýle atlandyrmak barada karara gelindi. Bu ýerde çarşenbe güni hökümetiň göçme giňişleýin mejlisi geçirildi. Bu baradaky çözgüdi Mejlisiň – türkmen parlamentiniň deputatlar palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa habar berdi.

Mejlisiň degişli karary bilen tanyşdyryp, onuň ýolbaşçysy resminama kabul edilende welaýatyň we ýurduň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny aýtdy.

1 (1).jpg

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmek baradaky tertibi baradaky kanuna esaslanan resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi resmi taýdan Arkadag şäherine geçirilýär. Degişlilikde, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2 müň 370 gektar meýdany Arkadag şäheriniň dolandyryş-çägine geçýär.

Çäkleriň Arkadag şäherine birikdirilmegi bilen baglylykda, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atşynaslary üçin gurulan Aba Annaýew obasy dolandyryş-çäk birikleriniň sanawyndan aýrylýar, bu obanyň ozal degişli bolan Kärizek geňeşligi bolsa ýatyrylýar.

2 (1).jpg

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak Ministrligine Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň resminama ýazgylaryny taýýarlamak tabşyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026