Habarlar

Asahi: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji dekabrda Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşarlarAsahi: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji dekabrda Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşarlar

Asahi: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri 23-nji dekabrda Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşarlar

24-nji noýabrda Tokioda Liberal-demokratik partiýasynyň agzalaryndan ybarat Ýapon-Merkezi Aziýa parlament dostluk ligasynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Ýaponiýanyň dolandyryjy partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän parlament topary Merkezi Aziýa sebitiniň bäş ýurdy: Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan bilen gatnaşyklary berkitmek üçin döredildi – diýip, "Asahi" gazeti ýazýar.