100-e golaý türkmen okuwçylary biologiýa we himiýa boýunça milli ders bäsleşikleriniň ýeňijileri boldular


Türkmen okuwçylary ýurduň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda biologiýa we himiýa boýunça geçirilen II Açyk internet-ders bäsleşiginiň ýeňjileri boldular. Bäsleşigiň netijeleri 28-nji dekabrda jemlenildi. Biologiýa boýunça baýrak eýeleri – 10-11-nji synplaryň iň oňat okuwçylaryň 50-si, himiýa boýunça dürli mekdepleriň zehinli oglan-gyzlarynyň 49-sy medal eýeleri boldular.

Şu ýyl bäsleşik S.A. Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi. bu ýokary okuw mekdebi diňe bir geçirilen ýer bolman, eýsem, akyl-paýhas bäsleşiginiň guramaçysy hem boldy – uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi synag meselelerini işläp düzdi, şeýle hem emin hökmünde türkmen mekdep okuwçylarynyň arasynda bilim synagyny geçirdi.

Ders bäsleşigine jemi 300-den gowrak zehinli ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Paýtagtyň mekdepleriniň okuwçylary bäsleşigiň synaglaryny oba hojalyk ýokary okuw mekdebinde tabşyrdylar, welaýatlaryň okuwçylary bolsa bäsleşige onlaýn gönüşde gatnaşdylar.

Bäsleşigiň guramaçylarynyň belleýişleri ýaly, häzirki ýeňijiler biologiýa we himiýa boýunça ýokary netijeleri hem-de ajaýyp bilimlerini görkezdiler we Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde dersleriň şu görnüşleri bounça halkara ders bäsleşiklerinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip bilerler.
ORIENT news








