HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Pekinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Fewral 08, 2023 | 12:30 |7017
Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Sianyň Nebit uniwersitetiniň Halkara bilim kollejiniň we Ýüpek ýolunyň energetika kollejiniň direktory hanym Don Hao bilen duşuşdy. Bu duşuşyga şeýle hem okuw mekdebiniň dekanynyň orunbasary Ýan Tin, umumy işler boýunça jogapkär wekil Sing Şuaý gatnaşdylar.Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Sianyň Nebit uniwersitetiniň Halkara bilim kollejiniň we Ýüpek ýolunyň energetika kollejiniň direktory hanym Don Hao bilen duşuşdy. Bu duşuşyga şeýle hem okuw mekdebiniň dekanynyň orunbasary Ýan Tin, umumy işler boýunça jogapkär wekil Sing Şuaý gatnaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Sianyň Nebit uniwersitetiniň Halkara bilim kollejiniň we Ýüpek ýolunyň energetika kollejiniň direktory hanym Don Hao bilen duşuşdy. Bu duşuşyga şeýle hem okuw mekdebiniň dekanynyň orunbasary Ýan Tin, umumy işler boýunça jogapkär wekil Sing Şuaý gatnaşdylar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda medeni-ynsanperwer ugurda strategiki gatnaşyklaryň okgunly ösüşini belläp, taraplar energetika pudagynda gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty Türkmenistan üçin energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigi barada aýtdy. Öz gezeginde, Don Hao häzirki wagtda 16 türkmen talybynyň okaýan bu okuw mekdebinde bu ugurdan alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Taraplar şeýle hem ýokary okuw mekdebinde hereket edýän Türkmenistany öwrenmek baradaky Merkeziň işiniň gaýtadan dikeldilmegi we onda beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýubileýi geçirmek barada ylalaşdylar. Okuw mekdebiniň kitaphanasy Türkmenistanyň taryhy, ýurduň medeniýeti baradaky kitaplar bilen üsti ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, ilçihana tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý, rus we türkmen dillerindäki kitaplaryny berdiler.

Diplomatik wekilhana tarapyndan iki ýurduň ýaşlarynyň dostlukly kabul edişligi guraldy we 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Sherwod atçylyk toplumynda «Hytaýda 2023-nji ýylda çyralaryň festiwaly» geçirildi.

Hytaý tarapyndan dabaralara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ýue Gao Fen, Pekindäki Sherwod atçylyk toplumynyň ýerine ýetiriji direktory Luna Şu, Hytaýyň milli çempionlary-çapyksuwarlary Hadatiýe, Doli Kun, şeýle hem KHBS-niň wekilleri, Hytaýda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ýygnananlara ýaşlaryň bähbidi üçin ýurtda geçirilýän uly özgertmeler barada habar bermek bilen, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi talyplary bilelikdäki ylmy işleri geçirmäge, şeýle hem bu meselede Hytaýyň wekilleri bilen aragatnaşykda bolmaga çagyrdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026