

Russiýa 2023-nji ýylda elektromobilleriň öndürilişini 9 esse artdyrmagy meýilleşdirýär
Russiýa elektromobilleriň öndürilişini ýylda 18 müň ulaga çenli artdyrmagy meýilleşdirýär, bu bolsa 2022-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 9 esse köpdür. Bu hakdaRF-nyň hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow elektroulag boýunça strategiki sessiýanyň netijeleriniň esasynda gürrüň berdi – diýip, Lenta.ru habar berýär.




















