Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DIM-de Türkmenistanyň BMG we onuň agentlikleri bilen gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Fewral 09, 2023 | 20:18 |8236
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň ýurtdaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçdi. Duşuşygy penşenbe güni daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa geçirdi.Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň ýurtdaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçdi. Duşuşygy penşenbe güni daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň ýurtdaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçdi. Duşuşygy penşenbe güni daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa geçirdi.

Taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň agentlikleri bilen gatnaşyklaryň netijelidigini bellediler, häzirki alnyp barylýan we geljekki taslamalara garadylar, hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlary barada gürrüň etdiler. Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynyň ýurduň daşary syýasy ýörelgesiniň strategik ugry bolup durýandygy nygtaldy.

Mähri Bäşimowa we Dmitriý Şlapaçenko 2021-2025-nj ýyllarda Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu resminama ykdysady durnuklylygy we ösüşi saklamak, ilatyň durmuş taýdan hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ekologiýa sazlaşygyny gorap saklamak bilen birlikde, dürli ulgamlarda Türkmenistanyň BMG bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026