

FIFA Saud Arabystanyndan ilkinji zenan futbol eminini belledi
"Al-Arabiya" teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Saud Arabystanyndan ilkinji zenan – Anud Al-Asmarini halkara emin edip belledi.


"Al-Arabiya" teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Saud Arabystanyndan ilkinji zenan – Anud Al-Asmarini halkara emin edip belledi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Serdar Rahymow GDA-nyň ýaş alymlar bäsleşigi – 2022-niň baýragynyň eýesi boldy we II dereje diplomyna, şeýle hem "Iň gowy ýaş alymlar-2022" döş nyşanyna mynasyp boldy.


Türkmenistanyň ýygyndy topary dzýudo boýunça milli ýygyndylaryň dünýä reýtinginde 66-njy orny eýeledi. Reýtingi dzýudo boýunça Halkara federasiýasynyň saýty çap etdi.


Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Ählihytaý halk ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Li Çžanşu bilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlament geňeşini döretmegiň mümkiniçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň baştutanynyň Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde geçirildi diýip, resmi türkmen KHBS-i habar berýärler.


Türkmenistandan Hytaýa çekilen, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçýän gaz geçiriji 2009-njy ýyldan bäri Hytaýa 423,2 milliard kub metr gazy 2009-njy ýylda işe girizilenden bäri üpjün etdi. Şol döwrüň içinde ol ýurduň 27 sebitiniň we Gonkongyň 500 million ýaşaýjysyny mawy ýangyç bilen üpjün etdi– diýip, People’s daily habar berýär.


Ahal FT-nyň halypasy, Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenildi. Bu karar Türkmenistanyň futbol Federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky ýygnagynda kabul edildi.


Şu günler Las-Wegasda dünýäniň iň uly tehnologiýalar sergisi hasaplanýan Consumer Electronics Show CES-2023 geçirilýär. Bu sergi hereket edip gelýän döwründen bäri baş innowasiýalaryň möhüm tehnologik görkezilişiniň we tanyşdyrylyşynyň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen, bu soňra ýakyn ýyl üçin ara maslahatlaşma temasy bolýar.


Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň gol çeken bilelikdäki Beýannamasynda Türkmenistanyň hem-de HHR-niň hökümetleriniň arasynda halkara awtomobil ulagy baradaky şertnamanyň taslamasynyň ylalaşylmagyny tizleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.


Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen gepleşikler tamamlanandan soňra, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Kesýan we Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşyklary geçirdi.


Türkmenistanda 9-njy ýanwardan başlap iki sany şäherara awtobus ugry – Aşgabat-Sarahs-Aşgabat we Aşgabat-Arçman-Aşgabat gatnap başlar – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär.


Pariž ylalaşygynyň şertleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 50% halas edip biler, ýöne şertnama häzirkisi ýaly äsgermezlik edilse, bu görkeziji 32% bolar – diýip, The Guardian alymlaryň ylmy barlaglaryna salgylanyp ýazýar.


Türkmenistanyň we Hytaýyň hökümetleri «Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygy boýunça, «Galkynyş» gaz ýatagynyň senagat taýdan işlenilmegi boýunça taslamalaryň we gaz pudagyndaky beýleki bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrarlar.


«Şu gün biz Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugruny – älem giňişligini parahatçylykly maksatlar üçin öwrenmegi we ondan peýdalanmagy açýarys» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-na saparynyň öň ýanynda «Ženmin Žiboa» gazetinde çap edilen makalasynda ýazypdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin Bilelikdäkibeýannamanyň aşagyna gol çekdiler.


Pekindäki Halk ýygnaklarynyň öýünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň resmi dabarasy boldy – diýip, CCTV+ habar berýär.