HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Spitakda bolan wakadan 35 ýyl geçenden soň, Türkiýe kömegiň gelmegi üçin Ermenistan bilen serhedi açdy

Fewral 12, 2023 | 00:32 |11066
Türkiýäniň hökümeti ýurduň günortasynda türk welaýatlarynyň 10-synda bolup geçen ýertitremeden ejer çekenlere ynsanperwer ýüküň girizilmegine rugsat bermek üçin ýapylanyna 35 ýyl geçenden soň, Ermenistan bilen serhet geçelgesini açdy.Türkiýäniň hökümeti ýurduň günortasynda türk welaýatlarynyň 10-synda bolup geçen ýertitremeden ejer çekenlere ynsanperwer ýüküň girizilmegine rugsat bermek üçin ýapylanyna 35 ýyl geçenden soň, Ermenistan bilen serhet geçelgesini açdy.
Çeşme: Anadolu

Türkiýäniň hökümeti ýurduň günortasynda türk welaýatlarynyň 10-synda bolup geçen ýertitremeden ejer çekenlere ynsanperwer ýüküň girizilmegine rugsat bermek üçin ýapylanyna 35 ýyl geçenden soň, Ermenistan bilen serhet geçelgesini açdy.

Anadolu döwlet habarlar agentliginiň habaryna görä, Türkiýäniň Aýder welaýatyndaky Alijan barlag-geçiriş nokadyndan Ermenistandan ynsanperwer kömek bermek maksatly ýük ulaglarynyň bäşisi geçdi.

Bu geçelge soňky gezek 1988-nji ýylda ulanylypdy, şonda Türkiýäniň Gyzyl Ýarymaýy Ermenistanda boup geçen ýertitremesinden soň, kömek iberdi. Ol Spitak ýertitremesi bolup, Leninakan ýertitremesi hökmünde-de bellidir. 6,8-7,2 ball magnitudaly ýertitreme 1988-nji ýylyň 7-nji dekabrynda bolupdy.

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda daňdan Türkiýäniň günortasynda hem-de Siriýanyň demirgazygynda magnitudasy 7,7 ball bolan ýertitreme bolup geçip, şondan birnäçe sagat geçenden soň, ýene-de magnitudasy 7,6 ball bolan güýçli ýertitremesi bolup, olar köp sanly adam pidalaryna getirdi hem-de iki ýurda-da maddy taýdan zeper ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026