Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE resmi sapary

Fewral 11, 2023 | 23:11 |3360
11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara ugramak üçin paýtagtymyzyň halkara howa menziline geldi.
Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy. 
Hormatly Arkadagymyz BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekiline bu resmi saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara ugramak üçin paýtagtymyzyň halkara howa menziline geldi.
Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy. 
Hormatly Arkadagymyz BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekiline bu resmi saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.
Çeşme: Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE resmi sapary

11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara ugramak üçin paýtagtymyzyň halkara howa menziline geldi. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Arkadagymyz BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekiline bu resmi saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy BAE-niň Adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Adalat ministri bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-emirlik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda tagallalary aýratyn bellenildi.

BAE-ne saparynyň barşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän “Şeýh Zaýed” metjidine baryp gördi. Bu ýerde Hajy Arkadagymyzy metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli mähirli garşylady. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň aramgähine zyýarat edilenden soňra Gahryman Arkadagymyz metjidiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän bu metjit dünýäniň iň uly 6 metjidiniň biri hasaplanylýar.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda saparynyň çäklerinde BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän metjide gelendigini aýdyp, bu metjidiň dünýäniň iň uly metjirleriniň biridigini belledi. Hormatly Arkadagymyz metjit –Allanyň öýi diýip hasaplanýandygyny aýdyp, bu ýerde öten –geçenleri sarpalamak iki dostlukly ýurduň halklarynyň asylly däbidigini belledi. BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan bilen bir saçagyň başynda oturmagyň miýesser edendigini atýmak bilen, Gahryman Arkadagymyz onuň Türkmenistanda hemişe ýagşylykda ýatlanýandygyny aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026