

Türkmen işewürleri «Alibaba»-nyň wise-prezidentiniň webinaryna gatnaşyp bilerler
Türkmenistanly telekeçiler Hytaýyň iň uly elektron söwda hyzmaty bolan Alibaba.com-yň wise-prezidenti Endrýu Çžengiň webinaryna goşulyşyp bilerler.


Türkmenistanly telekeçiler Hytaýyň iň uly elektron söwda hyzmaty bolan Alibaba.com-yň wise-prezidenti Endrýu Çžengiň webinaryna goşulyşyp bilerler.


Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekilleri bilen koreý kompaniýalarynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlara SMS ibermek TM CELL arkaly güýz-gyş möwsüminde elektrik we gaz enjamlaryny dogry ulanmagyň zerurdygyny ýatladýar.


Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi «Diýar» žurnaly bilen bilelikde hemmeleri edebiýat bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.


Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Respublikanyň maglumat we durmuş taýdan ösüş ministri Darhan Hydyrali bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Astanada ýerleşýän diplomatik wekilhanasynyň web saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi eýeçilik görnüşine garamazdan gysga möhletli okuw sapaklaryny berýän ýurduň bilim merkezleriniň okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dillerini biliş derejesi boýunça bäsleşik geçirýär.


Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen çarşenbe güni bolan duşuşykdan soň, ORIENT bilen öz duýgularyny we pikirlerini paýlaşdy:


Çarşenbe güni Aşgabatda Söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmaga Wenadan uly düzümli işewürler wekiliýeti geldi.


Duşenbe güni Aşgabatda geçen Türkmen-awstriýa işewürler forumy iki ýurduň iki ýurduň döwlet we işewür jemgyýetçilikleriniň ünsüni çekdi.


Koreýa Respublikasyna bolan resmi iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iri koreý kompaniýalarynyň wekillerini Türkmenistanda iri şäher gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleriniň özüne çekijiligini beýan etmek bilen, Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Lu bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdy.


«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «Çapar» ykjam goşundysynda bank kartynyň üsti bilen «Belet film» onlaýn-kinoteatrynyň we «Älem TV» telewideniýesiniň operatorynyň hyzmatlarynyň töleglerini amala aşyrmak mümkinçiligi döredildi.


Türkmenistanda kanunçylyga girizilen üýtgetmeleriň çäginde alkogol öndürmek we import etmek üçin goşmaça tölegleriň möçberleri, şeýle hem temmäki önümlerini satmagyň ýaş çäkleri 18 ýyldan 21 ýyla çenli ýokarlandyryldy.


Türkmenistanyň «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Kanunyna goşmaça girizildi, bu ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýüz tutýan dalaşgärlere harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge mümkinçilik berýär.


Dünýäniň iň uly işjeň hereket edýän wulkany Mauna Loa soňky 40 ýylyň dowamynda ilkinji gezek atylyp çykdy we Gawaýlaryň Uly adasyna we töweregindäki suwlara kül ýagmagyna sebäp boldy. Bu barada CNN agentligi habar berýär.