HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ussatlarynyň el işleri Merkezi Aziýanyň senetçileriniň katalogyna goşular

Fewral 16, 2023 | 17:36 |7707
Türkmenistanly ussatlar öz işleriniň Merkezi Aziýanyň senetçileriniň katalogyna goşulmagy üçin ýüz tutma tabşyryp bilerler. Bu barada USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasynda aýdylýar.Türkmenistanly ussatlar öz işleriniň Merkezi Aziýanyň senetçileriniň katalogyna goşulmagy üçin ýüz tutma tabşyryp bilerler. Bu barada USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasynda aýdylýar.
Çeşme: pulse.mail.ru

Türkmenistanly ussatlar öz işleriniň Merkezi Aziýanyň senetçileriniň katalogyna goşulmagy üçin ýüz tutma tabşyryp bilerler. Bu barada USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasynda aýdylýar.

Ýüz tutmalar onlaýn görnüşde 2023-nji ýylyň 24-nji fewralyna çenli şu salgylanma boýunça kabul edilýär. Onlaýn görnüşde ähli görkezilen soraglara jogap berip, öz alyp barýan işiň baradaky jikme-jik maglumatlary görkezmeli, şeýle hem oňa öz işleriň suratyny berkitmeli. Eger bar bolsa, öz önümleriň katalogyny hem görkezmek bolýar.

Bäsleşigiň emini kataloga goşmak üçin Türkmenistandan 10 senetçini saýlap alar. Dalaşgärler senet işleriniň medeni mirasy we däp bolup gelýän bilimleri goramak maksady bilen taýýarlanylýandygy; hünärmenleriň oňyn seslenmeleriniň bardygy; öz önümini satmak üçin bazary giňeltmäge mümkinçiliginiň bardygy; önüm barada maglumaty ýaýratmagyň usullary (web-saýtyň ýa-da sosial torlardaky hasabyň bolmagyndan başga) ýaly kriteriýalar boýunça bahalandyrylýar.

Şeýle hem milli ýa-da halkara sergilerine gatnaşmak tejribesi, oba ýerlerindäki senetçileriň zenanlar toparlary bilen gatnaşyklar, şeýle hem mümkinçiligi çäklendirilen adamlar bilen we ilatyň beýleki ejiz toparlary bilen özara gatnaşyk saklama, elektron katalogyň bolmagy we önümi eksport etmek hem göz öňünde tutular.

Saýlap almak baradaky we kataloga goşmak baradaky gutarnykly karar 27-nji fewraldan soň yglan ediler.

Katalog USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasy tarapyndan Smitson instituty bilen hyzmatdaşlykda we ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň söwda hukugyny ösdürmek maksatnamasy (CLDP) bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylýar. Ol zenanlaryň ykdysady işjeňligini ýokarlandyrmaga we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda we onuň çäklerinden daşarda söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etmek üçin niýetlenendir.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 468247 ; +(993 64) 394232.

Elektron poçtanyň salgysy: eziz_jorayev@dai.com.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026