HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Abu-Dabide geçiriljek maýa goýum kongrese gatnaşmaga çagyrylýar

Fewral 17, 2023 | 13:03 |8060
Türkmenistanyň döwlete degişli we hususy pudaklarynyň wekillerine 12-nji gezek BAE-niň paýtagty Abu-Dabide 2023-nji ýylyň 8-10-njy maýynda geçiriljek her ýylky geçirilýän maýa goýum kongresinde  (The Annual Investment Meeting) garaşýarlar.Türkmenistanyň döwlete degişli we hususy pudaklarynyň wekillerine 12-nji gezek BAE-niň paýtagty Abu-Dabide 2023-nji ýylyň 8-10-njy maýynda geçiriljek her ýylky geçirilýän maýa goýum kongresinde  (The Annual Investment Meeting) garaşýarlar.
Çeşme: twitter.com

Türkmenistanyň döwlete degişli we hususy pudaklarynyň wekillerine 12-nji gezek BAE-niň paýtagty Abu-Dabide 2023-nji ýylyň 8-10-njy maýynda geçiriljek her ýylky geçirilýän maýa goýum kongresinde (The Annual Investment Meeting) garaşýarlar.

Bu ýyl kongresiň temasy – «Maýa goýum paradigmasynyň çalşylmagy: durnukly ykdysady ösüşe, dürlülige we gülläp ösüşe ýardam etmek üçin geljekki maýa goýum mümkinçilikleri».

Her ýylky geçirilýän duşuşyk hökümetlere, kiçi we orta işewürligiň wekillerine, startaplara we maýa goýumçylara dünýä ykdysadyýetindäki wakalary, maýa goýum meýillerini maslahatlaşmak üçin meýdança bolar, şeýle hem işewürligiň giňelmegine ýardam etjek nou-hau paýlaşmaga mümkinçilik berer. Ol şeýle hem telekeçilere we paýdarlara ynamly maýa goýum meýilleşdirmesi üçin innowasion strategiýalary işläp düzmäge mümkinçilik berer.

Duşuşygyň çäklerinde iň gowy maýa goýum taslamalary üçin AIM Global 2023 Investment Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar. Ýüz tutmalary tabşyrmak üçin soňki möhlet – 15-nji mart kongresiň saýtynda .

Özüniň döredilen wagtyndan bäri The Annual Investment Meeting Ýakyn Gündogardaky öňdebaryjy maýa goýum platformasy hökmünde özüni tanatdy, onuň maksady – maýa goýum mümkinçiliklerini döretmek, ykdysady ösüşe çuňňur täsir etjek bütindünýä ähmiýetli meseleleri çözmekdir. Kongres ýyl-ýyldan giňelmegini dowam etdirýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026