Habarlar

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe awtoulagda ýük daşaýjylara wiza bermegiň gurallaryny alyp maslahatlaşdylarTürkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe awtoulagda ýük daşaýjylara wiza bermegiň gurallaryny alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe awtoulagda ýük daşaýjylara wiza bermegiň gurallaryny alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe awtoulagda ýük daşaýjylarynyň işini kämilleşdirmek üçin wiza bermegiň gurallaryny ösdürmegi maksat edinýärler. Bu başlangyç üç ýurduň ulag edaralarynyňýolbaşçylarynyň Awazada döwlet baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH agentligi habar berdi.

Azerbaýjan Ermenistan bilen gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny mälim etdiAzerbaýjan Ermenistan bilen gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny mälim etdi

Azerbaýjan Ermenistan bilen gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny mälim etdi

Baku Ýerewan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny we eýýäm iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak baradaky şertnamanyň täzelenen tekstini Ermenistana iberipdir. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrleri bilen Awazada geçirilen duşuşygynda belledi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Ankara, Aşgabat we Baku türkmen gazy boýunça iş toparyny dörederlerAnkara, Aşgabat we Baku türkmen gazy boýunça iş toparyny dörederler

Ankara, Aşgabat we Baku türkmen gazy boýunça iş toparyny dörederler

“Biz üç ýurduň bähbidi üçin türkmen gazy boýunça bilelikdäki ädimleri ätmäge taýýar we bu mesele boýunça iş toparyny döretmek kararyna geldik. Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hökümetleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama iş toparynyň döredilmegi üçin zerur binýat bolup durýar" – diýip, CNN türk teleýaýlymy öz saýtynda Çawuşoglunyň sözlerini getirýär.

Türkmenabatda Gidrometereologiýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildiTürkmenabatda Gidrometereologiýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Türkmenabatda Gidrometereologiýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Türkmenabat şäherinde Gidrometereologiýa gullugynyň Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda işleýän hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMGÖM-niň we Ýaşyl howa gaznasynyň bilermenleri praktiki okuw maslahatynda derýalaryň, kölleriň hem-de suw howdanlarynyň giňişliklerinde olaryň suwlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hyzmat edýän gidrologiý enjamlaryny we abzallary nähili ulanmalydygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk ussatlyk sapagy görnüşinde geçdi. Alnan nazaryýet bilimleri amaly ýagdaýda işlenildi, tälimçi hökmünde bolsa OTT Hydromet GmbH german kompaniýasyna wekilçilik edýän BMGÖM-den halkaara derejeli bilermen Li Gardner çykyş etdi. Ol okuw maslahatyna gatnaşajylara suwuň akyşynyň tizligini hem-de uly we kiçi derýalarda suwuň sarp edilişini ölçemek üçin häirki zaman gurallarynyň nähili işleýändigini gürrüň berdi we görkezdi. Maslahatyň okuwlary suwaryş kanalynda – Amyderýanyň suwlary bilen suwlylandyrylýan hem-de Çärjew we Dänew etraplarynyň topargyny suwarmek üçin döredilen emeli suw desgasynda geçirildi. Bu ýerde okuwa gatnaşyjylar OTT QReview programma üpjünçiliginiň kömegi bilen maglumatlary işlemek boýunça alan bilimlerini iş ýüzünde ulandylar. Bu häzirki zaman gidrologiýa abzallarynyň ulanylmagy Gidrometereologiýa gullugynyň işgärlerine gündelik görkezijileri toplamak we bu maglumatlary sanly arhiwlerde elektron görnüşde saklamak boýunça çylşyrymly işleri ep-esli ýeňilleşdirer. Türkmenabatdaky duşuşyk “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilleşdiririlmeginiň milli işiniň ösüşi” taslamasynyň çäklerinde guralyp, ol edralaryň kuwwatyny hem-de hünärmenleriň, hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Gidrometereologiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Edaranyň işgärleri milli ykdysadyýetiň oba hojalyk we suw ulgamlarynyň howanyň üýtgemegine uýganlaşmagyny meýilleşdirmek bilen meşgullanýar.

Serdar Berdimuhamedow tebigy gaz üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini kesgitlediSerdar Berdimuhamedow tebigy gaz üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini kesgitledi

Serdar Berdimuhamedow tebigy gaz üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini kesgitledi

“Gaz bilen üpjün etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýasy we olaryň netijeli işlemegi köptaraplaýyn gyzyklanmalary göz öňünde tutýan anyk we takyk standartlara, şeýle-de ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr. Tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky başlangyçlara hut şu nukdaýnazardan garalmalydyr - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ylham Alyýew bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda nygtap geçdi.