

Yslamabat Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda we eksporta ýardam etmek Gullugyny açdy
Yslamabat Söwda-senagat Edarasy (ICCI) Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlary bilen söwda we eksporty ösdürmek hyzmaty Gullugyny açdy.


Yslamabat Söwda-senagat Edarasy (ICCI) Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlary bilen söwda we eksporty ösdürmek hyzmaty Gullugyny açdy.


Türkmenistanyň Gruziýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Myradow we Gruziýanyň Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Zaal Abaşidze Türkmenistan we Gruziýa halklarynyň milli mirasynyň we medeni gymmatlyklarynyň tanadylmagyny ara alnyp maslahatlaşdlary. Duşuşyk sişenbe güni Tbilisi şäherinde geçirildi – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.


Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanylmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy.


“Siz türkmen halkynyň öňden gelýän we mähriban dosty bolup durýarsyňyz. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan bilen Russýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere ýokary baha berýäris. Biziň hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň gutlagynda bellenilýär.


Samarkand şäherinde ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň mart aýynda geçiriljek mejlisi, 1-nji martda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygyň mowzuklaryndan biri boldy.


Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk, şeýle hem jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň söwda we ykdysadyýet, ylym we tehnika, şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk boýunça mejlisi 15-16-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriler.


Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň şypahanalary ösdürmek agentligi, Aşgabatda ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürledi. Duşuşyk 1-nji martda «Yyldyz» myhmanhanasynda pudak ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, syýahatçylyk agentlikleriniň we Türkmenistanyň awiakompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirildi.


Hazar toparynyň we Eýranyň iri "Mostazafan" gaznasynyň gatnaşmagynda döredilen ulag kompaniýasy ýükleri Eýranyň çäginden üstaşyr geçirmek bilen meşgullanar. ““Lotos” aýratyn ykdysady zolagy” Paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiri Sergeý Miluşkiniň pikiriçe, bu “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi (ITC) boýunça ýük daşamagy çaltlaşdyrar – diýip, TASS habar berýär.


Sişenbe güni, 28-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,4 mln amerikan dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Balkanabat we Daşoguz şäherlerini ol ýerleriň çäginde täze häzirki zaman enjamyny oturdyp, 4G aragatnaşygy bilen doly gurşap aldy. Bu barada ORIENT-e TMCELL-iň wekilleri habar berdiler.


Gazagystan Ýewraziýa we GDA ýurtlary üçin farmakologiýa pudagyndaky möhüm temalary ara alyp maslahatlaşmagyň ýerine öwrüldi. Iki günüň dowamynda - 28-nji fewraldan 1-nji mart aralygynda XIV Halkara Ýewraziýa farmasewtika forumyna gatnaşyjylar Almatyda Ýewraziýa sebitiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň derman senagaty bilen baglanyşykly meseleleriniň birnäçesine serederler – diýip, Gazagystanyň metbugaty habar berýär.


Roshyzmatdaşlyk federal ölçeglere gabat gelýän 8 müňden gowrak okuw kitabyny Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän mekdebine muzdsuz esasda berdi – diýip, TASS habar berýär.


26-27-nji aprelde Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2023» atly Halkara forum geçiriler – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken C5+1 ministrler duşuşygynyň meýdançasynda ikitaraplaýyn wirtual maslahatlaşmalaryň geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar – diýlip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtynda habar berilýär.