HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Şweýsariýadaky Dünýä söwdasy institutynda okuw geçdi

Mart 01, 2023 | 11:23 |7844
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (WTO) agza bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet komissiýasynyň agzalary Şweýsariýadaky Bern Uniwersitetiniň Dünýä söwdasy institutynyň «Gyşky akademiýa-2023» okuw kurslaryna gatnaşdylar.Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (WTO) agza bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet komissiýasynyň agzalary Şweýsariýadaky Bern Uniwersitetiniň Dünýä söwdasy institutynyň «Gyşky akademiýa-2023» okuw kurslaryna gatnaşdylar.
Çeşme: global.vavt.ru

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (WTO) agza bolmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet komissiýasynyň agzalary Şweýsariýadaky Bern Uniwersitetiniň Dünýä söwdasy institutynyň «Gyşky akademiýa-2023» okuw kurslaryna gatnaşdylar.

Bu barada Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasynyň metbugat üçin ýaýradylan maglumatynda habar berilýär, bu sapar şu taslamanyň çäklerinde Halkara söwda merkezi bilen bilelikde guraldy.

«Gyşky akademiýa- 2023» modullary okamagyň üç tapgyryndan ybarat bolup, Türkmenistanyň BSG-na agza bolmak işinde uly ähmiýete eýe boljak temalara bagyşlandy. Hususan-da, gatnaşyjylar BSG-nyň serhetýaka çäreleri baradaky düzgünleri, subsidiýa we öwezini dolmak çäreleri bilen tanyşdylar, şeýle hem hyzmatlary söwda etmek babatynda bilimleriniň üstüni ýetirdiler.

Okuwyň dowamynda hususy pudakdaky söwda bilen baglanyşykly meselelere, gepleşikleri alyp barmagyň aýratynlyklaryna we olaryň kadalaşdyrylmagyna degilip geçildi.

Bern uniwersitetiniň ýanyndaky 1999-njy ýylda esaslandyrylan Dünýä söwdasy instituty bütindünýä ykdysady dolandyrylyşy babatynda ylmy-barlaglary geçirmek, bilim, halkara ykdysady hukugy we ykdysady durnuklylyk bilen meşgullanýar. Onuň işi bütindünýä söwdasyna gowy düşünmäge we onuň ýurtlara we işewürliklere täsirine ýardam etmäge, şeýle hem halkara söwdasynda we ykdysadyýetde üstünlik gazanmak üçin başarnyklary we bilimleri bermäge gönükdirilendir.

Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasy Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026