HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hökümeti BMGÖM bilen taslamalar üçin 80 million dollar bölüp berdi: haýsylaryna?

Mart 02, 2023 | 17:07 |7329
Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe strategiki resminama gol çekdiŞu hepdäniň başynda Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe strategiki resminama gol çekdi
Çeşme: UNDP

Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe strategiki resminama gol çekdi.

Hususan-da, BMGÖM we Türkmenistan ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän umumy bahasy 80 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan saglygy goraýyş, sanly özgerişler, adam hukuklary we söwda pudagynda birnäçe täze bilelikdäki taslamany durmuşa geçirdi.

Olaryň arasynda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek pudagara elektron maglumat alyş-çalyşyň synag ulgamyny ornaşdyrmak üçin taslamany mysal getirip bolar.

IMG_9432-1.jpg

Ýene-de iki taslama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen amala aşyrylar.

Olardan biri Türkmenistanda kliniki we barlaghana hyzmatlaryny güýçlendirmeklige, ikinjisi bolsa ýokanç bolmadyk keselleriň öňüni almak we bejermek hem-de Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin zerur dermanlar bilen üpjün etmeklige gönükdirilendir. Bularyň ikisi hem 2023-2024-nji ýyllar üçin niýetlenendir.

IMG_9428-1.jpg

«Türkmenistanyň söwda mümkinçiliklerini güýçlendirmek. Tapgyr II» – Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikdäki taslama şeýle atlandyrylýar. Hukuk pudagyndaky taslama hem Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hökümeti we BMGÖM daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly, şeýle hem maýyplar üçin iş mümkinçiligini giňeltmek boýunça birnäçe taslamanyň çäginde 2023-nji ýyl üçin maksatnamalaýyn meýilnamany ylalaşdylar.

IMG_9442-1.jpg

Bular Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikdäki üç: Ählumumy ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleri hemmetaraplaýyn ösdürmek», «Aral deňziniň basseýniniň ýer baýlyklaryny we tebigy ekosistemalaryny gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» we Ýaşyl howa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli işiniň ösüşi» taslamalardyr.

Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti bilen bilelikde Ählumumy ösüş we «Günorta-Günorta» hyzmatdaşlyk gaznasynyň maliýe goldawy bilen «Türkmenistanda maýyplar üçin amatly iş: Bilim almak we mynasyp iş tapmak mümkinçiligi üçin jemgyýetçilik kärhanalaryny özgertmek» taslamasy durmuşa geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026