HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tambow oblasty Türkmenistan bilen has ýakyn gatnaşyklary gurmaga ymtylýar

Mart 02, 2023 | 16:56 |8307
Russiýanyň hökümetinde Tambow oblastyna wekilçilik edýän Murat Grigorýew sebitiň Türkmenistan bilen toplumlaýyn özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ymtylýandygyny beýan etdi.Russiýanyň hökümetinde Tambow oblastyna wekilçilik edýän Murat Grigorýew sebitiň Türkmenistan bilen toplumlaýyn özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ymtylýandygyny beýan etdi.
Çeşme: ria.ru

Russiýanyň hökümetinde Tambow oblastyna wekilçilik edýän Murat Grigorýew sebitiň Türkmenistan bilen toplumlaýyn özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ymtylýandygyny beýan etdi.

Şunuň ýaly taýýarlyk barada ol Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Niýazlyýew bilen duşuşykda beýan etdi – diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň resmi saýty habar berýär.

Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň mümkinçiliklere eýedigi nygtalyp, onuň oba hojalygyny, senagaty, hyzmatlar pudagyny, ylmy, bilimi we beýleki ugurlary gurşap alýandygy bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk türkmen-russiýa döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolmalydyr.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ygtyýarlandyrylan wekiller Türkmenistan bilen Tambow oblastynyň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmak boýunça ädimleriň dowam etdirilmegi barada ylalaşdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bolan Sankt-Peterburg, Tatarystan, Astrahan we Çelýabinsk oblastlary bilen göni aragatnaşyklar baradaky ylalaşyklaryň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026