HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gämi gurluşyk zawodlary hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Mart 02, 2023 | 17:34 |10353
Gämileri gurýan we gämileri abatlaýan «Balkan» zawodynyň wekilleri we Bakuwyň gami gurluşyk zawodynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.Gämileri gurýan we gämileri abatlaýan «Balkan» zawodynyň wekilleri we Bakuwyň gami gurluşyk zawodynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Gämileri gurýan we gämileri abatlaýan «Balkan» zawodynyň wekilleri we Bakuwyň gami gurluşyk zawodynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda taraplar iki kärhananyň hem mümkinçilikleri bilen tanyş boldular – olaryň gurluşy, alyp barýan işleri we beýleki zawodlar bilen hyzmatdaşlygy baradaky maglumat bilen tanyşdylar. Iki ýurduň gämi gurluşyk ulgamynyň ösüş tejribesine we tejribe alyşmak üçin mümkinçiliklere uly üns berildi.

Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynyň wekilleri türkmen kärhanasynyň önümçilik meýdançalaryna baryp gördüler, onuň infrastrukturasy, tehnikasy we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.

Saparyň ahyrynda azerbaýjan tarapynyň ýakyn wagtda gämi gurluşygy babatynda özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin mundan beýläkki hyzmadaşlygyň ugurlary boýunça anyk teklipleri ugratjakdygy barada ylalaşyk gazanyldy.

Gämi gurluşygy babatynda iki ýurduň gämi gurluşygy zawodlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki Türkmen-azerbaýjan hökümetara komissiýasynyň soňky mejlisiniň teswirnamasy tarapyndan göz öňüne tutulandyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026