Habarlar

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyEýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy

12-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy. Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýranyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE resmi saparyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE resmi sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE resmi sapary

11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapara ugramak üçin paýtagtymyzyň halkara howa menziline geldi. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Arkadagymyz BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekiline bu resmi saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.